Paul Rand – ýekeje görnüş
Grafik dizaýny esasy işi edinip, pul gazanýanlar işi ýerine ýetirmekden beter, müşderä eden işiňi kabul etdirmegiň has kyndygyny bilýändirler. Biziň studiýamyzyň hem käte müşderi bilen umumy bir dil tapmakda, dogry hasaplaýanlarymyzy düşündirmekde kynçylyk çekýän wagtlarymyz bolýar. Branding-da logo esasy bölüm bolup durýany üçin müşderä hödürlenýän 2-3 görnüşden daşary hem müşderiniň düzedişleri bilen ýene 4-5 görnüş berilýär. Hat-da, bir logonyň 6 aý wagt dowam edýän wagtlary hem bolýar. Sebäbi logo bir edaranyň ýa-da markanyň ýüzi boljagy üçin müşderi hem özüniň uzyn möhletli ulanjak logosynyň görnüşine karar bermekde kynçylyk çekýär we dürli görnüşleri barlap göresleri gelýär.
Emma, Paul Rand bilen bu beýle däl. IBM kompaniýasynyň 50 ýyllap ulanyp gelýän 8 sany kese çyzyk logosyny (we beýleki eden işleriniň köpüsini) Paul Rand diňe ýekeje görnüş edýär we şony hem kabul etdirýär. Ýagny, müşderi hökmünde Paul halypa logo etdirjek bolsaňyz işiň ýekeje görnüşini alardyňyz we “şeýleräk bolsa has owadan bolmazmy?”, “Polimeksiňki ýaly bet etsek bolmazmy?” ýaly gürrüňleriňiz diňlenmezdi.
Dizaýn tarapdan juda ynjyk we egosy daş ýarýan Steve Jobs hem Apple kompaniýasyndan kowulyp, täze esaslandyran Next kompaniýasyna logo gerek bolanda, kellesinde bar bolan “kompýuter bilen Next ýazgynyň emele getirjek simwoly” pikri bilen Paul Randyň ýanyna baryp: “Bir zatlar edip bolmazmy?” diýende, “Mesele däl, alyp çykarys” diýip jogap berýär. Steve “3-4 görnüş edersiň-ä?!” diýende, Paul “Ýok, seň meseläňi çözjek ýekeje görnüş berjek” diýýär we Steve Jobs bilen Next-iň ýekeje görnüş logosy üçin 1986-njy ýylda 100 000 $ baha ylalaşýar. Çykan ýekeje görnüş logony hem Steve halaýar. Eger soňlugy bilen Next-i Apple kompaniýasy satyn almadyk bolsa, logo edil IBM-yňky ýaly şu günlere çenli ulanylardy.
Elbetde bu halypanyň ägirt tejribesi bilen hem baglanşykly, emma grafik dizaýnerleriň dizaýn etmekden hem has kyn hasaplaýan prosesleriniň syryny Paul Rand özüne berilen “Nädip ýekeje görnüş logony kabul etdirip bilýäňiz?" soragyň jogabynda:
- Kelläň agyryp dermanhana baryp derman isläňde, saňa "şu kelle agyryňy aýyrar" diýseler, sen "beýleki dermanlary hem barlap göreýin" diýermiň? - diýip aýtýar.
Paul Rand 1996–njy ýylda 82 ýaşynda Enron energiýa kompaniýasynyň logosyny edýär we şol ýyl aradan çykýar. Ussanyň beýleki işleri we ömri döredijiligi hakda has giňişleýin maglumat internetde bar.
Dayanch Orazgylych
#PaulRand #graphicdesign #logo #branding #belliblog